icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

10 oktýabr 2019

2206

Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndaky Başlyklygy

LEBEDEW SERGEÝ NIKOLAÝEWIÇ

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy - Ýerine ýetiriji Sekretary

Şu günki günde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy özbaşyna agramly kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň esasynda hereket edýän tertipnamalaýyn hem-de pudaklaýyn edaralarynyň işe ukyply ösen ulgamy bolan umumy ykrar edilen sebitleýin halkara birleşigi bolup durýandyr. GDA şeýle hem açyk, dostlukly ýagdaýda işjeň gepleşikleri alyp barmaga, ykdysady, ynsanperwerlik we syýasy ulgamlardaky özarahereketleriň hem-de hyzmatdaşlygyň meselelerini çözmäge mümkinçilik berýän döwlet hem-de hökümet baştutanlarynyň yzygiderli duşuşyklary üçin özboluşly meýdança bolup durýandyr.  

Dünýä jemgyýetçiliginiň Bolwežsk ylalaşyklaryny mälim eden hem-de «GDA» gysgaltmasyny ilkinji gezek eşiden 1991-nji ýylyň dekabrynda wakalar düýbünden başgaça görnüşde ýaýbaňlanyp bilerdi. Hut şu ýerde hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň häzirki keşbiniň kemala getirilmeginde Türkmenistanyň eýelän möhüm ornuny gürrüňsiz belläp geçmek mümkindir. Çünki hut Aşgabatda 1991-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi we ol GDA-nyň häzirki şeklinde döredilmegi üçin esas bolup çykyş eden Alma-Ata Jarnamasynyň gol çekilmegi üçin oňaýly şertleri döredendir. 

Türkmenistan beýleki döwletler bilen birlikde, 1991-nji ýylyň 21-nji dekabrynda GDA-nyň agzalarynyň içeri hem-de daşary syýasatlarynyň dürli ulgamlarynda deňhukukly hyzmatdaşlyga ygrarlydyklaryny tassyklan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döredilmegi baradaky Ylalaşygyň Teswirnamasyna hem-de Alma-Ata Jarnamasyna gol çekdi. Şunlukda ilkibaşda daşary syýasat modelinde bitaraplyk syýasatyny saýlap almak bilen, Türkmenistanyň döwlet ýolbaşçylary diňe bir ýurduň ösüş ýollaryny tapmak barada çemeleşmän, eýsem döwletiň içerki durnuklylygy üçin oňyn daşky şertleriň döredilmeginden ugur aldylar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň kararnamasy bilen ykrar edilendir we goldanylandyr. Türkmenistanyň bitaraplyk derejesiniň nazarda tutulmagy bilen 2005-nji ýylyň 26-njy awgustynda Kazan şäherinde geçirilen sammitde GDA döwletleriniň baştutanlary hakyky dostluk hem-de hyzmatdaşlyk ruhunda Türkmenistanyň Arkalaşyga gatnaşygynyň assosirlenen agza hökmünde döwam etdirjekdigi baradaky beýannamany kabul etdiler.  

Şol döwürden bäri Türkmenistan özüniň halkara-hukuk derejesine gyşarnyksyz ygrarlylygyny beýan etmek bilen, bitaraplygyň, parahatçylyk söýüjiligiň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň beýleki ugurlar bilen bir hatarda GDA-nyň çäklerinde wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam etmeklige gönükdirilen daşary syýasatynyň binýatlyk ýörelgeleri bolup durýandygyny iş ýüzünde subut edýändir. Bu Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017—2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda hem-de Döwlet ýolbaşçysynyň çykyşlarynda gyşarnyksyz tassyklanylýandyr. Şeýlelikde, 2017-nji ýylyň oktýabrynda Soçi şäherinde geçirilen sammitde Türkmenistanyň Çuňňur hormatlanýan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan, GDA-nyň assosirlenen agzasy bolup durýan hem bolsa, özüniň halkara syýasatynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyny esasy abraýly halkara guramasy hökmünde ileri tutýar. Biz mundan beýläk hem biziň assosirlenen hem-de bitaraplyk derejämize garamazdan bu daşary syýasat ugrumyzy dowam etdireris» diýip aýratyn nygtap geçdi.   

Bu günki günde Türkmenistanyň soňky ýyllaryň dowamynda GDA boýunça hyzmatdaşlary bilen özarahereket etmäge bolan gyzyklanmasynyň ýokarlanandygyny nygtamak üçin ähli esaslar bardyr. Bu ilkinji nobatda ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryna, GDA ýurtlary üçin umumy ähmiýete eýe bolan çäreleriň geçirilmegi baradaky başlangyçlara degişlidir. Ýurduň ýolbaşçylarynyň kararlary, şeýle hem türkmen tarapynyň 2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmegi bilen bagly bolan çäreler hem-de wakalar Türkmenistanyň Arkalaşygyň ýurtlary bilen özarahereketleriniň ýeten özboluşly ähmiýetli derejesi hökmünde görkezilip bilner. Bu başlyklyk Türkmenistanyň wekilleri tarapyndan şol bir wagtyň özünde Döwlet baştutanlarynyň geňeşinde, Hökümet ýolbaşçylarynyň geňeşinde, Daşary işler ministrleriniň geňeşinde, Ykdysady geňeşinde, döwletleriň Arkalaşygyň tertipnamalaýyn we beýleki edaralarynyň ýanyndaky hemişelik ygtyýarlandyrylan wekilleriniň geňeşinde, şeýle hem GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça Toparynda hem durmuşa geçirilýändir.

Bu jogapkärli wezipäniň esasy, möhüm ugurlary Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasynda kesgitlenen bolup, bu resminama 2018-nji ýylda kabul edilendir. Oňa aşakdakylar degişli edilýändir: 

GDA gatnaşyjy döwletleriň arasynda ynamy we özara düşünişmegi berkitmek, GDA-nyň çäklerinde durnuklylygy we howpsuzlygy goldamaga gönükdirelen başlangyçlaryna ýardam bermek, Arkalaşygyň döwletleriniň daşary syýasy edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmek arkaly syýasy-diplomatik özara gatnaşygyny güýçlendirmek;

GDA-nyň abraýly halkara guramalary, şol sanda BMG we ÝHHG bilen hyzmatdaşlygynyň derejesini ýokarlandyrmak, şeýle hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini çözmekde Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň we halkara guramalarynyň tagallalaryny berkitmäge ýardam bermek;

ulag we energetika taslamalaryny durmuşa geçirmek, häzirki zaman infrastrukturasyny, sebitara ähmiýetli logistika merkezleriniň aragatnaşygyny döretmek maksady bilen, özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek we giňeltmek, giňişlik hökmünde dünýä hojalygy gatnaşyklaryny integrirlemek üçin amatly şertleri döretmek;

energetika, ulag, aragatnaşyk we kommunikasiýa babatda GDA ýurtlarynyň arasyndaky arkalaşykly gatnaşygy berkitmek;

Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň arasynda giň medeni, ynsanperwer, ylym, bilim, sport gatnaşyklaryny goldamak we höweslendirmek.

Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde köpsanly çäreler mazmuna baý hem-de ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi we geçirilmegine garaşylýar, bu çäreler biziň ýurtlarymyzyň mundan beýläk hem ösdürilmegine, hyzmatdaşlyklarynyň hem-de özarahereketleriniň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir.   

Hususan-da, şu ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda GDA-nyň hökümet ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi, onuň barşynda ykdysady hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna gönükdirilen möhüm resminamalaryň birnäçesine seredilip geçildi we kabul edildi. Şeýlelikde, GDA-nyň hökümet ýolbaşçylarynyň Geňeşi tarapyndan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin GDA döwletleriniň innowasion hyzmatdaşlygy boýunça Döwletara maksatnamasy kabul edildi, Intellektual eýeçiliginiň desgalaryna bolan hukuklaryň goragy ulgamynda GDA döwletleriniň gümrük edaralarynyň özarahereket etmegi baradaky Ylalaşyk makullanyldy, söwda, gümrük resmileşdirmesi we haryt gözegçiligi, olaryň Arkalaşygyň ýurtlarynyň çäginden üstaşyr geçirilmegi, şeýle hem binýatlyk barlaglar we muzeý işi ýaly ulgamlar boýunça GDA döwletleriniň hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegini kadalaşdyrýan resminamalara gol çekildi.

Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň dowamynda 2020-nji ýyla çenli döwür üçin GDA-nyň Ykdysady taýdan ösüş strategiýasynyň (2016–2020-nji ýyllar) üçünji tapgyrynyň durmuşa geçirilmegi boýunça çäreleriň Meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi dowam etdirilýär we şol bir wagtyň özünde 2030-njy ýyla çenli döwür üçin GDA-nyň Ykdysady taýdan ösüş strategiýasynyň taslamasynyň taýýarlygy boýunça hem işler alnyp barylýar. Beýleki ykdysady ileri tutmalaryň hatarynda GDA döwletleriniň energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmekleriniň Konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça derwaýys çäreleriň Meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegi boýunça çäreleri belläp geçmek zerurdyr.

Türkmenistanyň Çuňňur hormatlanýan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda geçirilen Hökümet ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň mejlisinde adalatly nygtaýşy ýaly, «bu günki günde Arkalaşyga biziň ýurtlarymyzyň diňe bir GDA-nyň giňişliginde däl-de, eýsem onuň çäginden daşarda iri infrastruktura taslamalaryny gatnaşygyny göz öňünde tutýan halkara möçberli giň we ygtybarly integrasion gatnaşyklar zerur bolup durýandyr. Şonuň üçin hem Türkmenistan hyzmatdaşlygyň çäkleriniň giňeldilmegi ugrunda çykyş edýär, GDA-nyň Arkalaşygyň giňişliginden günorta, gündogar we günbatar taraplar boýunça durmuşa geçirilýän iri taslamalara gatnaşygynyň pikirini öňe sürýändir, çünki munuň üçin zerur bolan zähmet, gor, önümçilik we tehnologiki mümkinçilikler bardyr».

Başlyklyk ediji tarapyň bu başlangyjy Arkalaşygyň döwletleriniň netijeli köpugurly hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine we häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklaryna sazlaşykly integrirlenmegine gönükdirilen bolup durýandyr. Türkmenistanyň Çuňňur hormatlanýan Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen we Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumy bu beýannamanyň iş ýüzünde takyk durmuşa geçirilmegi boldy. «Hazar bäşliginiň ýurtlary», edil şonuň ýaly-da GDA gatnaşyjy-döwletler üçin möhüm waka öwrülen bu çäre ulag, söwda, energetika, ekologiýa, syýahatçylyk, maýa goýum şertleriniň gowulandyrylmagy ulgamynda gyzyklanma bildirýän taraplar üçin sebitleýin integrasiýanyň we hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini döredýär.

GDA ýurtlary üçin ynsanperwerlik hyzmatdaşlygynyň ähmiýetliliginiň nazarda tutulmagy bilen türkmen tarapynyň GDA gatnaşyjy-döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХIV Forumynyň taýýarlanylmagy hem-de geçirilmegi boýunça saldamly işini belläp geçmek zerurdyr, çünki ol Arkalaşygyň ýurtlarynyň işjeň gatnaşmagynda geçirildi we degişlilikde ýurtlar bu çärä gatnaşmaklary üçin 200-den gowrak wekillerini ýolladylar.

Aşgabatda geçirilen Forum medeni-ynsanperwerlik ulgamyndaky hünärmenleriň hünär taýdan gepleşikleri geçirmeklerine ýardam etdi we özbaşdak döwletleriň özboluşly medeniýetleriniň arasyndaky gatnaşyklara bahasyna ýetip bolmajak goşandyny goşdy. Döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХIV Forumyna gatnaşyjylar tarapyndan kabul edilen Kararnamada öz beýanyny tapan Arkalaşygyň giňişliginde ynsanperwerlik ulgamyndaky özarahereketleriň mundan beýläk hem giňeldilmegi boýunça teklipler beýan edilendir. Resminamada aýratyn hem GDA ýurtlarynyň dilleriniň, taryhynyň we milli däp-dessurlarynyň hemmetaraplaýyn öwrenilmegi hem-de ýaýbaňlandyrylmagy üçin medeni hem-de tebigy mirasyň goralyp saklanylmagynyň, ylym, bilim we medeniýet guramalarynyň, jemgyýetçilik birleşmeleriniň hyzmatdaşlygynyň giňeldilmeginiň zerurlygy nygtalýandyr. Biziň ýurtlarymyzyň ynsanperwerlik durmuşyndaky bu ähmiýetli wakanyň täze özarabähbitli taslamalaryň döredilmegi üçin goşmaça höweslendiriji esas boljakdygy gürrüňsizdir.    

Türkmen tarapynyň işjeň gatnaşmagyna 2019–2020-nji ýyllar üçin Ynsanperwerlik hyzmatdaşlygy ulgamyndaky ileri tutulýan çäreleriň Meýilnamasynyň, GDA-da sportuň milli görnüşleriniň goldanylmagynyň we ösdürilmeginiň Maksatnamasynyň, 2020-nji ýyla çenli ýaşlar hyzmatdaşlygy, syýahatçylyk ulgamyndaky strategiýalaryň we beýlekileriň durmuşa geçirilmegi boýunça ulgamlaýyn işler dowam etdirilýär. Umuman aýdylanda, Ynsanperwerlik hyzmatdaşlygy boýunça Geňeşiniň hem-de Ynsanperwerlik hyzmatdaşlygy boýunça Hökümetara gaznasynyň Müdiriýetiniň, Saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça Geňeşiniň, Tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň mejlisleri we beýleki wajyp duşuşyklar hem-de çäreler Aşgabat şäherinde geçirilendir.

Şu ýyl 13-nji sentýabrda Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň nobatdaky mejlisi üstünlikli geçirildi. Bu çäräniň gün tertibine özarahereketleriň geljegi uly ugurlarynyň, şol sanda Strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnamanyň, Jemgyýetiň sanly ösüş ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň Konsepsiýasynyň we onuň durmuşa geçirilmegi boýunça öňde durýan derwaýys çäreleriň Meýilnamasynyň, 2019–2024-nji ýyllar üçin GDA döwletleriniň radionawigasiýasyny ösdürmegiň Esasy ugurlarynyň taslamalarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy we beýleki meseleler çykaryldy.

Şu ýylyň 10-11-nji oktýabrynda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen birlikde türkmen tarapy tarapyndan GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň hem-de Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisleri ýokary derejede geçirildi. Şeýle hem 25-nji noýabrda Moskwada GDA-nyň Hökümet ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň mejlisiniň geçirilmegi göz öňünde tutulandyr.          

Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň çäklerinde ýokarda görkezilen çäreleriň ählisiniň ýokary mazmuna baý we guramaçylyk derejesinde geçirilendigini bellemek zerurdyr.

Giňişleýin düzümdäki gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. GDA gatnaşyjy-döwletleriň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky özarahereketlere, howpsuzlygyň hem-de durnuklylygyň üpjün edilmeginiň meselelerine aýratyn ýagdaýda seredilip geçildi. Taraplar utgaşykly hereketler arkaly syýasy hem-de ykdysady integrasiýanyň gazanylyp bolýandygy, häzirki döwrüň wehimlerine öz wagtynda täsir edip bolýandygy baradaky pikire geldiler.

Şeýle hem GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisiniň jemleri boýunça «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy-döwletleriň daşary syýasy edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek boýunça hereketleriň Maksatnamasy hakynda», «1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňişiň 75 ýyllygy bilen bagly Arkalaşygyň ýurtlarynyň halklaryna we dünýä jemgyýetçiligine GDA gatnaşyjy döwletleriň baştutanlarynyň Ýüzlenmesi hakynda», «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrlerleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmek hakynda» we «GDA ýurtlarynyň arasynda sportuň dürli ugurlary boýunça halkara ýaryşyň geçirilmegi hakynda» çözgütlere gol çekilendigini bellemek zerurdyr.

GDA-nyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň jemleri boýunça Arkalaşygyň gatnaşyjy-ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlary boýunça özara kabul ederlikli ylalaşyklar gazanylandyr.

Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi Türkmenistanyň başlyklygynyň çäklerindäki esasy syýasy waka bolandygy gürrüňsizdir, bu ýerde GDA-da durnukylylgyň hem-de howpsuzlygyň saklanylmagyna, söwda-ykdysady, ynsanperwerlik ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga degişli bolan meseleleriň giň toplumyna seredilip geçildi, bu ugurlardaky bilelikdäki hereketler jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Çuňňur hormatlanýan Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça özüniň başlyklygynyň maksatlaryna laýyklykda Türkmenistan tarapyndan beýan edilip, işlenilip düzülen resminamalaryň taslamalaryna aýratyn üns berildi.

Bu ýerde Arkalaşygyň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi boýunça hereketleriň Maksatnamasy we GDA gatnaşyjy döwletleriň strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky jarnamasy hakynda gürrüň edilýär. Bu resminamalar Arkalaşygyň ýurtlarynda oňyn seslenmä hem-de goldawa eýe boldular we GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň hem-de Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisleriniň gün tertibine girizildiler. Bu resminamalaryň kabul edilmegi derwaýys sebitleýin we global meseleler boýunça bilelikdäki ýörelgeleriniň berkidilmegi, GDA ýurtlarynyň ykdysady özarahereketleriniň tutuş gurluşynyň pugtalandyrylmagy üçin wajyp başlangyç boldy.

Şeýlelik bilen, türkmen tarapynyň, Türkmenistanyň Çuňňur hormatlanýan Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň başlyklyk etmek wezipesiniň ýerine ýetirilmegi boýunça başlangyçlaýyn hem-de gyzyklanmalaýyn çemeleşmesi Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň gysgamöhletleýin, edil şonuň ýaly-da uzakmöhletleýin maksatlaryna ýetmek boýunça bilelikdäki tagallalara özüniň görnetin täsirini ýetirýär we ýetirmegini dowam edýändir.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi