icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

17 oktýabr 2019

854

Diplomatlar türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny berkitmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

2019-njy ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Owganystan Yslam Respublikasynyň täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Najibullah Alikhil bilen duşuşyk geçirildi.  

Duşuşygyň başynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy. Ilçini täze bellenen jogapkärli wezipesi bilen gutlap, türkmen tarapy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde bilelikde hereket etmäge we goldaw bermäge taýýardygyny bildirdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar iki goňşy ýurduň arasynda syýasy gatnaşyklary ösdürmäge, ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, şeýle hem daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny ýaýbaňlandyrmaga ygrarlydygyny mälim etdiler. Şeýle hem, diplomatlar syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek ýaly wajyp meseleler barada pikir alyşdylar. 

Owgan tarapy Türkmenistanyň Owganystandaky ýagdaýlaryň parahatçylykly ýollar arkaly kadalaşdyrylmagy ugrundaky edýän tagallalaryny, şeýle-de ýerli ilata yzygiderli iberýän ynsanperwer kömegini aýratyn belläp geçdi. Şunuň bilen baglylykda, Ilçi Türkmenistanyň hormatly Prezidentine goňşy ýurtdaky ýagdaýy parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrmak boýunça halkara başlangyçlary, hem-de döwletiň durmuş-ykdsady taýdan dikeldilmegi babatda edýän ýadawsyz tagallalary üçin çäksiz minnetdarlygyny bildirdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi