icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

02 fewral 2017

1072

ÝHHG-niň synçylar toparynyň agzalary Türkmenistanyň DIM-nde duşuşyk geçirdiler

            2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 12-nji fewralda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentligine saýlawlaryna taýýarlyk görmegiň we geçirmegiň barşyna baha bermek üçin paýtagtymyza gelen Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça edarasynyň agzalary bilen duşuşyk boldy.

            Duşuşygyň barşynda ÝHHG-niň Demokratik institutlary we Adam hukuklary boýunça edarasynyň agzalary Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň geljekde hem türkmen tarapyna giň gerimli hukuk özgertmelerini ilerletmäge hemmetaraplaýyn ýardam etmäge taýýardygyny aýtdylar. Şol özgertmeler milli kanunçylygy, hususan-da, saýlaw ulgamy boýunça kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirmäge gönükdirilendir. 

            Wekiliýetiň saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde duşuşyklaryň birnäçesini geçirmek, şol sanda Mejlisde, Adalat ministrliginde, Döwlet habarlar agentliginde, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetinde, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda, jemgyýetçilik guramalarynda, şeýle hem Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginde hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynda geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem ýurdumyzyň syýasy partiýalary hem-de raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine hödürlenen dalaşgärler bilen duşuşyklar geçiriler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi