icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

04 noýabr 2019

2269

Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklar berkeýär

2019-njy ýylyň 4-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy G.Mämmedowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Azerbaýjan Respublikasyna sapary boldy.

Saparyň çäklerinde Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Oktaý Asadow bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Parlamentara hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösüşine aýratyn üns berildi, bu ugurdaky gatnaşyklary berkitmek mümkinçiligine hem seredildi.  

Şeýle hem, saparyň çäklerinde wekiliýet Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky “ASAN’ hyzmat durmuş innowasiýalary we raýatlara hyzmat etmek boýunça Döwlet agentliginiň işi bilen hem tanyşdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi