icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

02 fewral 2017

4207

Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerine garaldy

2017-nji yýlyň 2-nji fewralynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Halifa bin Ahmad al Suwaýdi bilen duşuşyk geçirdi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň öňde duran  meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň wajyp sebäpleriň biri hökmünde iki döwletiň ýolbaşçylarynyň arasynda ýola goýlan açyk we dostlukly gatnaşyklaryna ünsi çekip, taraplar geçen ýylyň mart aýynda Katar Döwletiniň Emiri şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň  Türkmenistana bolan resmi saparynyň netijeleriniň ähmiýetini bellediler. Ýokary döwlet derejedäki gatnaşyklary ösdürmegiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Katar Döwletine saparynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen we katar diplomatik gulluklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gidişiniň ýokary derejesini belläp, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň we Katar Döwletiniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçylary 2016-njy ýylda bolan iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň saparlarynyň ähmiýetini bellediler we şunuň bilen baglylykda bilelikdäki syýasy geňeşmeleriniň ähmiýeti barada aýtdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi