icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

15 noýabr 2019

601

Merkezi Aziýada suw serişdelerini durnukly dolandyrmak üçin innowasiýa tehnologiýalaryny ulanmak – ÝHHG-niň Türkmenistandaky okuw maslahatynyň üns merkezinde

2019-njy ýylyň 14-15-nji noýabrynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi suw serişdelerini dolandyrmak üçin innowasion tehnologiýalary ulanmakda öňdebaryjy tejribeler we standartlar boýunça sebitleýin duşuşyk üçin meýdança döretmek maksady bilen okuw maslahatyny gurnady.

Suw hojalygy boýunça döwlet komitetiniň, Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň we Türkmenistanyň beýleki edaralarynyň wekillerinden daşary olaryň Gazagystandan, Gyrgyzdan, Täjigistandan we Özbegistandan kärdeşleri hem gatnaşdylar.

Halkara bilermenler suwaryş talaplarynyň durnukly ýagdaýda suw bilen üpjün edilmegini, şäherleriň suw serişdeleriniň durnukly dolandyrylmagyny üpjün edýän innowasion çözgütleri hem-de suw hojalygy üçin täzeden dikeldilen energiýany ulanmagyň innowasion tehnologiýalary, suw serişdelerini durnukly ulanmak maksady bilen maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ulanmagy görkezmek bilen, suw serişdeleriniň integrirlenip dolandyrylmagyny şöhlelendirdiler.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleri suw serişdelerini dolandyrmagyň innowasion tehnologiýalary boýunça milli strategiýalary işläp düzmekde, sebit meýilnamalaryny girizmekde we taslamalary durmuşa geçirmekde toplan tejribeleri bilen paýlaşdylar.

 «Innowasion çözgütleriň we nou-hau tehnologiýalaryň, elektronika we robot tehnikasynyň islendik pudakda durnukly ösüşe ýetmegiň wajyp başlangyjy bolup durýan 21-nji asyryň – «ýokary tehnologiýalar» asyrynyň hakykatyny göz öňüne tutmazlyk mümkin däl” diýip, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd belläp geçdi. Ilçi Drozd ekologiýa pudagynda ÝHHG-niň üstünlikli birnäçe başlangyçlary, şo sanda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk etmegiň çäklerinde Türkmenistana berilýän goldaw barada aýtdy.

Bilermenleriň ýardam bermeginde suw serişdelerini dolandyrmak pudagyndaky öňdebaryjy tejribe we Merkezi Aziýa sebitinde tehnologiýa çözgütlerini amaly ulanmak baradaky maglumatlar bilen paýlaşyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi