icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

18 noýabr 2019

613

Hytaýda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplarynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi

2019-njy ýylyň 18-nji noýabrynda Pekinde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» we «Türkmen Alabaýy» atly kitaplarynyň tanyşdyryş dabarasy, şeýle hem «Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynda türkmen milli we medeni mirasynyň şöhlelendirilmegi» atly ylmy maslahaty geçirildi.

Agzalan çärelere Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri, Hytaýyň ozalky Türkmenistandaky Ilçileri, daşary ýurtlar bilen Hytaý Halk dostluk jemgyýetiniň işgärleri, ýokary okuw jaýlarynyň professorlary we mugallymlary, syýatçynaslar we alymlar, kompaniýalaryň hem-de media wekilleri gatnaşdylar.

Çärä gatnaşyjylar türkmen medeniýetiniň we mirasynyň aýratynlyklaryny wasp edýän, Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň döredijilik zähmetleri bilen tanyşdylar.

Tanyşdyryş dabarasyna we seminara gatnaşyjylar bu çäreleriň gurnalmagyna öz hoşallyklaryny bildirdiler, şeýle hem dostlukly türkmen halkyna mundan beýläk hem gülläp ösmegi we parahatçylygy baradaky arzuwlaryny beýan etdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi