icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

20 noýabr 2019

602

Stambul uniwersitetinde Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň türk dilindäki nusgasynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi

2019-njy ýylyň 19-njy noýabrynda Stambul uniwersitetinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy, Stambul şäherindäki Baş konsullygy, TÜRKSOÝ türki medeniýetiň halkara guramasy we Stambul uniwersiteti Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly ikinji kitabynyň türk dilindäki nusgasynyň tanyşdyryş dabarasyny geçirdiler.

Dabara Stambul uniwersitetiniň rektory Mahmut Ak, uniwersitetiň talyplary we mugallymlary, TÜRKSOÝ guramasynyň başlygynyň orunbasary, Türkiýäniň beýleki ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary, Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasynyň we Baş konsullygynyň işgärleri, ýerli döwlet we jemgyýetçilik guramalary, işewürler we metbugat wekilleri gatnaşdylar.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi I.Amanlyýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory B.Mätliýew, Stambul uniwersitetiniň rektory M. Ak we beýleki resmi adamlar çykyş etdiler.

Maslahatyň dowamynda gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki türkmen topraklarynyň üstünden geçendigini we türkmen halkynyň bu taryhy geçmişini dünýä jemgyýetçiligine açyp görkezmek maksady bilen ýurdumyzda amala aşyrylan işler we çäreler barada giňişleýin bellenip geçildi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ikinji kitabynyň türk diline neşir edilmeginiň ähmiýeti barada bellenip geçildi.

Çäräniň çäginde hormatly Prezidentimiziň döreden eserleri we medeni gymmatlyklarymyz bilen tanyşdyrýan sergi guraldy. Dabaranyň ahyrynda türkmen milli tagamlary hödür edildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi