icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

06 fewral 2017

1027

Bangladeş Halk Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk

2017-nji ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen, Bangladeş Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Tähran şäheri) Majibur Rahman Buýan bilen duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň çäginde syýasy, ykdysady we medeni çygyrlarynda Türkmenistanyň we Bangladeş Halk Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri bellenildi. Taraplar aýratyn ünsi iki ýurduň arasynda geçiriljek syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky mejlisinine taýýarlyk işleriň meselelerine berdiler.

Geňeşmeleriň gün tertibini ara alyp maslahatalaşmagyň dowamynda taraplar elektroenergetika, ulag we nebit-himiýa pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde  gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Oba hojalyk we dokma senagaty pudaklarynda gatnaşyklary güýçlendirmekde Türkmenistanyň we Bangladeşiň ähli mümkinçilikleriniň bardygyny bellediler.

Medeni özaragatnaşyklaryň mümkinçiliklerine garamak bilen, taraplar şu ýyl Türkmenistanyň we Bangladeşiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýylyň dolýandygyny bellediler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi