icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

25 noýabr 2019

781

Aşgabatda din azatlygy meselelerine bagyşlanan tegelek stol geçirildi

2019-njy ýylyň 25-nji noýabrynda Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Türkmenistanda din we din azatlygy meselelerine bagyşlanan tegelek stol geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň Adalatçysy, Türkmenistanyň Daşary işler, Içeri işler, Adalat ministrliklerinden, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutyndan wekiller, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky dini meseleler boýunça bölüminiň hünärmenleri, şeýle-de Türkmenistanyň çäginde hereket edýän dürli konfessiýalardyr dini guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.    

Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew öz çykyşynyň dowamynda, duşuşyga gatnaşyjylary milli kanunçylygymyza we kabul edilen halkara borçnamalarymyza laýyklykda Türkmenistanda din azatlygyny üpjün etmekde amala aşyrylýan işler bilen tanyşdyrdy. Türkmenistanda dini guramalary hukuk kepillendirmeler bilen üpjün edýän gerekli hukuk giňişligiň hereket edýändigi barada bellenip geçildi.         

Tegelek stola gatnaşyjylar döwlet edaralaryň, jemgyýetçilik we dini guramalaryň arasyndaky gatnaşyklary kämilleşdirmek barada pikir alyşdylar. Türkmenistanyň BMG-niň, ÝHHG-nyň we ÝB-niň adam hukuklaryny goramak pudagyndaky edaralary bilen degişli meýilnamalar hem-de taslamalar arkaly hyzmatdaşlygynyň netijeliligi barada nygtaldy. 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi