icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

07 fewral 2017

982

Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet hepdeligi açyldy

2017-nji ýylyň 6-njy fewralynda paýtagtymyzyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy geçirildi. Şu mynasybetli bu ýere Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de onuň garamagyndaky edaralaryň, giň jemgyýetçiligiň, Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet we sungat ussatlary, döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary ýygnandylar.

Bu çäräni geçirmek üçin Türkmenistana gelen Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýetiniň düzüminde medeniýet ulgamynyň edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, döredijilik toparlary, halk senetçiliginiň ussatlary bar. Dostlukly ýurduň döredijilik wekiliýetine Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet we yslam gatnaşyklary guramasynyň başlygy Abuzar Ebrahimi Torkaman ýolbaşçylyk edýär.

Hepdeligiň çäklerindäki ilkinji çäre Mukamlar köşgüniň sahnasynda dostlukly ýurduň artistleriniň konserti boldy. Konsertiň maksatnamasyny gadymy taryhy hem-de medeniýeti bolan Töwriz şäheriniň “Araz” folklor toparynyň hem-de Eýranyň taryhy paýtagty Şirazyň “Nawaýe Ilýa” aýdym-saz toparynyň çykyşlary düzdi. Eýran artistleri halk aýdym-sazlaryny, nusgawy dessanlardan çykyşlary, Gündogar şahyrlaryň goşgularyna gadymy söýgi aýdymlary ýerine ýetirdiler. Konsertde häzirki zaman aýdym-saz eserleri hem ýaňlandy.

Medeni çäräniň maksatnamasyna dürli döredijilik çäreleri girizildi. EYR-niň Türkmenistandaky Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler zalynda dostlukly ýurduň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi bolar. Tomaşaçylara “Aşgabat” kino merkezinde eýran kinematografiýasy bilen duşuşyk garaşýar, şol ýerde soňky ýyllarda dürli žanrlarda düşürilen çeper filmler görkeziler. “Watan” kinokonsert merkezinde Eýranyň folklor we aýdym-saz toparynyň çykyşy, Türkmen döwlet gurjak teatrynda bolsa iki ýurduň çagalar döredijilik toparlarynyň konserti bolar. Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet hepdeligi “Watan” kinokonsert merkezinde tamamlanyp, şol ýerde çäräniň ýapylyş dabarasy hem-de bilelikdäki dostluk konserti geçiriler.

Bu döredijilik çärä gatnaşýan myhmanlar üçin ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärlikleri, milli muzeýleriň gymmatlyklary hem-de paýtagtymyzyň gözel ýerleri bilen tanyşdyrmagy özünde jemleýän uly medeni maksatnama taýýarlanyldy.

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi