Zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça Türkmenistanyň milli strategiýasynyň tassyklanylmagyna bagyşlanyp tegelek stol geçirildi

2019-njy ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça 2020-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň milli strategiýasynyň tassyklanylmagyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 6-njy dekabrynda geçirilen Hökümetiň giňeldilen Mejlisiniň barşynda Milletiň Lideri degişli Karara gol çekdi.

Çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkezi bilen bilelikde guraldy.

Tegelek stoluň işine Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler, Milli howpsuzlyk, Içeri işler, Adalat, Goranmak, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Ýokary Kazyýetiniň, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň, Serhet gullugynyň, Gümrük gullugynyň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Şeýle-de çärä BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkeziniň Başlygy hem-de Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky (Nýu-Ýork ş.), BMG-niň Ženewa we Wena bölümleriniň ýanyndaky Hemişelik wekilleri gatnaşdylar.

Tegelek stoluň umumy maksady Zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça 2020-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň milli strategiýasyndan gelip çykýan çäreleri durmuşa geçirmek boýunça indiki ädimleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.

Çykyşlarda şu günki günde biziň ýurdumyzda terrorçylyga hemmetaraplaýyn garşy göreşmek we zorlukly ekstremizmiň öňüni almak üçin zerur şertleriň ählisiniň döredilendigi nygtalyp geçildi.

Mälim bolşy ýaly, garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan bu ugurda durmuşa geçirilen işler örän ämiýetlidir we netijelidir. Häzirki wagtda ýurduň hereket edýän kanunçylygy dolulygyna halkara hukuk namalaryna laýyk gelýändir. Halkara jemgyýetçiligi islendik ýüze çykmasynda terrorçylyga we ekstremizme garşy göreşmek boýunça alnyp barylýan türkmen syýasatyna ýokary baha berýär.