icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

16 dekabr 2019

717

Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Daşary aragatnaşyklar ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi

2019-njy ýylyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Daşary aragatnaşyklar ministriniň orunbasary Sýan Hunşanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň çäklerinde taraplar uzak möhletleýin esasda ýola goýulýan we ikitaraplaýyn bähbitlere laýyk gelýän netijeli iki ýurduň jemgyýetçilik guramalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ençeme esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Şeýle hem taraplar iki döwlet üçin hem ähmiýetli bolan köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, sport we ýaşlar syýasaty ýaly ulgamlarda geljekde hyzmatdaşlyk etmeklik barada belläp geçdiler.

Taraplar milli bähbitleriň talabyna we iki sany dostlukly döwletiň ösüşiniň ähmiýetine laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary geljekde hem ösdürmäge meýillerini tassykladylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi