icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

19 dekabr 2019

2258

Ženewada SPECA ýurtlarynyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

2019-njy ýylyň 18-nji dekabrynda BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Türkmen otagynda şu ýylyň 18-21-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) “Aşgabatdaky SPECA günleriniň” netijelerini hem-de onyň Gaznasynyň döredilmeginiň mümkinçilikerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen SPECA ýurtlarynyň Ilçileriniň duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) Ýerine ýetiriji sekretary O.Algaýerowa, “Visegrad” Gaznasynyň wekili, SPECA ýurtlarynyň Ilçileri we diplomatlary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň wekilleri hem-de bilermenleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň başynda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary O.Algaýerowa SPECA günleriniň Aşgabatda üstünlikli geçirilmegi bilen bagly Türkmenistanyň Hökümetiniň adyna mähirli sözlerini ýetirdi.

Duşuşyga gatnaşyjy SPECA ýurtlarynyň wekilleri hem öz gezeginde BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň işini has-da kämilleşdirmek boýunça hem-de SPECA Gaznasynyň döredilmegi boýunça çykyş etdiler.

Wekilçilikli çäräniň dowamynda türkmen tarapy 2020-nji ýylda ýurdumzyda guraljak halkara ähmiýetli çäreler, şol sanda Deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ministrleriniň maslahaty barada habar berdi.

Duşuşygyň ahyrynda gatnaşyjylar SPECA sebitinde hyzmatdaşlygyň ýokary basgançaklaryna ýetmek, şol sanda, dünýä ykdysadyýetine goşulmak we Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak maksady bilen serhetara hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etmek barada öz garaýyşlaryny beýan etdiler.

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi