icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

31 ýanwar 2020

866

Hindistanyň Türkmenistandaky Ilçisi özüniň diplomatik işini tamamlaýar

2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda özüniň Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Azar Abul Hasan Han bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Ilçä türkmen-hindi gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşan şahsy goşandy üçin munnetdarlyk bildirdi. Soňra taraplar ulag, energetika we ykdysadyýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de Merkezi we Günorta Aziýany birikdirýän köpri bolup hyzmat etjek Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TAPI) gaz geçirijisiniň orny barada bellenip geçildi.

Şeýle hem taraplar oba-hojalyk pudagynda we himiýa senagaty ugrunda türkmen-hindi hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň zerurlygyny bellediler.

Duşuşygyň dowamynda medeni-ynsanperwer ulgamlarynda özaragatnaşyklaryň meselelerine hem aýratyn uly üns berdiler. Hususan-da, ylym, medeniýet we bilim, saglygy goraýyş, syýahatçylyk we sport, şeýle hem häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň möhümligi barada bellenip geçildi.

Duşuşygyň ahyrynda Ilçi özüniň iki ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň has hem pugtalandyrylmagyna gönükdirilen Türkmenistandaky diplomatik wezipesini durmuşa geçirmekde beren hemmetaraplaýyn goldawy hem-de degişli ýardamlary üçin Daşary işler ministrligine ýene-de bir gezek özüniň minnetdarlygyny bildirdi. 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi