icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

03 fewral 2020

782

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Daşkentde «С5+1» formatyndaky ministrleriň duşuşygyna gatnaşdy

2020-nji ýylyň 3-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Daşkentde «С5+1» formatyndaky ministrleriň duşuşygyna gatnaşdy.

Mejlise Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarynda birnäçe meselelere seredildi. Şol sanda, taraplar serheti dolandyrmak, söwda, energetika we ulag ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk boýunça meseleler babatynda pikir alyşdylar.

Owgan meselesine aýratyn üns berildi. Bu ugurda türkmen wekiliýeti TOPH gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik energiýasyny geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, Türkmenistandan Owganystana demir ýoluň gurluşygy ýaly taslamalaryň öňegidişlikleri barada maglumat berdi.

Gepleşikleriň ahyrynda gatnaşyjylar «С5+1» formatyndaky ministrleriň duşuşygynyň bilelikdäki Beýannamasyny kabul etdiler.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Daşkentde duşuşyga gatnaşmaklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen ABŞ-niň Döwlet sekretary Maýkl Pompeonyň duşuşygy geçirildi we onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri, şeýle hem özara gyzyklanmalary bolan sebit meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi