icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

05 fewral 2020

636

Gruziýada Türkmenistanyň oňaýly maýa goýum şertlerine bagyşlanan maslahat geçirildi

2020-nji ýylyň 5-nji fewralynda Tbiliside Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy «CBA Kaizen» kompaniýasy bilen bilelikde 2020-nji «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna utgaşdyrylyp, Türkmenistanyň oňaýly maýa goýum şertlerine bagyşlanan maslahat geçirdi.

Maslahata Gruziýadaky diplomatik missiýalaryň, ministrlikleriň we pudak edaralaryň wekilleri, ekspertler, maýa goýumdarlar, bank ulgamynyň, ulag, logistika we ekspeditorlyk kompaniýalaryň, fransuz-gruzin we britan-gruzin Söwda-senagat edaralarynyň, «Mitsubishi Electric» kompaniýasynyň, şeýle hem Gruziýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda Türkmenistanyň taryhynda we daşary syýasatynda hemişelik Bitaraplygyň wajyp orny eýeleýändigi aýratyn bellenilip geçildi. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ykdysady ösüşiniň we oňaýly maýa goýum şertiniň özboluşly aýratynlyklary barada nygtaldy.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamynyň ösdürilmegi, hususan-da Lapis Lazuli, Hazar deňzi - Gara deňiz ugurlary boýunça, şeýle hem ýurdumyzda we sebitde bu ugurda netijeli amala aşyrylýan beýleki ähmiýetli taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de Ilçi konferensiýa gatnaşyjylary Türkmenistanda öndürilýän eksporta ukyply önümler bilen tanyşdyrdy.

Çäräniň ahyrynda türkmen tarapy gruzin tarapyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli şu ýyl Türkmenistanda geçirilýän çärelere işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi