icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

20 fewral 2020

2737

Halkara zähmet guramasy bilen özarahereketleri giňeltmegiň mümkinçiliklerine seredilip geçildi

2020-nji ýylyň 20-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Halkara zähmet guramasynyň Günbatar Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça edarasynyň wekilhanasynyň baş hünärmeni Leo Sibbel bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistanyň we Halkara zähmet guramasynyň arasyndaky köp ýyllaryň dowamynda durmuşa geçirilýän hyzmatdaşlygyň ýokary derejeliligini nygtadylar. HZG-nyň esas goýujy konwensiýalarynyň ençemesiniň gatnaşyjysy bolmak bilen Türkmenistan gender deňliginiň, zähmet goragynyň kadalaryny berjaý etmek arkaly talabalaýyk zähmetiň üpjün edilmegi babatynda hemmetaraplaýyn hereket edýändir.

Taraplar häzirki globalizasiýa we ykdysady integrasiýa döwründe sebit, şonuň ýaly-da dünýä derejesinde zähmet gatnaşyklarynyň kadalaşdyrylmagynyň meselesiniň has derwaýys häsiýete eýe bolup durýandygyny aýratyn belläp geçdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi