Türkmenistanyň wekiliýetiniň “Täze söwda we üstaşyr ýollarda neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygynyň öňüni almak maksady bilen Merkezi Aziýada sebitleýin serhetüsti hyzmatdaşlygy güýçlendirmek” atly çäresi

Türkmenistanyň wekilýetiniň başlangyjy bilen BMG-niň Wena şäherindäki Neşe serişdelerine we jenaýata garşy komissiýasynyň 63-nji mejlisiniň çäginde, “Täze söwda we üstaşyr ýollarda neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygynyň öňüni almak maksady bilen Merkezi Aziýada sebitleýin serhetüsti hyzmatdaşlygy güýçlendirmek”  atly çäre geçirildi.

Bu çäre BMG-niň Neşe we jenaýata garşy müdirligi (UNODC) we Özbegistan Respublikasynyň wekilhanasy bilen bilelikde guraldy.

Bu çärä 20-den gowrak BMG-niň agza ýurtlarynyň wekilleri, şeýle-de halkara guramalaryň wekilleri we hünärmenleri gatnaşdylar. Ýygnagyň açylyşyşynda UNODC-niň Global amallar boýunça müdiri hanym Miwa Kato we UNODC-niň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili hanym Aşita Mittal çykyş etdiler.

Gatnaşyjylar Türkmenistanyň BMG, Merkezi Aziýanyň sebitleýin maglumat we utgaşdyryjy merkezi, ÝHHG we beýleki halkara guramalar bilen bilelikdäki Merkezi Aziýa sebitinde durmuşa geçirýän taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde bikanun neşe serişdeleriniň dolanşygyna garşy göreşde halkara we sebitleýin hyzmatdaşlygyna işjeň gatnaşmagy bilen goşýan goşandyna ýokary baha berdiler.

Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasary öz çykyşynda Türkmenistan hökümetiniň halkara terrorçylygyna, transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga we neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna garşy alyp barýan çäreleri barada gatnaşyjylara gürrüň berdi.

Türkmenistan, halkara gatnaşyklar ulgamyna jogapkär gatnaşyjy hökmünde dünýä jemgyýetçiliginiň häzirki zaman kynçylyklaryna we howplaryna garşy göreşmek işlerine işjeň gatnaşýar we bu ugurda bikanun neşe serişdelerine garşy göreşde halkara hyzmatdaşlygynyň ösmegine uly ähmiýet berýär.

Şu nukdaýnazardan, 2020-2023-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň BMG-niň neşe serişdelerine garşy göreş komissiýasynyň agzasy hökmünde saýlanmagy, Türkmenistanyň neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna garşy alyp barýan syýasatynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň ýene bir aýdyň subutnamasydyr.