Türkmenistanyň wekiliýeti Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň işine gatnaşdy

2017-nji ýylyň 19-njy fewralynda Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň Sapporo şäherinde Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Ýerine ýetiriji komitetiniň 69-njy mejlisine gatnaşdy.

 Bu çärä Aziýa oýunlarynyň wise-prezidentleri hem-de Aziýa ýurtlaryň Olimpik komitetleriň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisi Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baştutany şeýh Ahmad Al Fahad Al Sabah alyp bardy.

 Mejlisiň dowamynda 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna ýokary guramaçylykly taýýarlyk görmegiň barşy barada gatnaşyjylara giňden beýan edildi.

 Saparyň dowamynda türkmen wekiliýeti Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baştutany şeýh Ahmad Al Fahad Al Sabah bilen duşuşygy boldy.

 Mundan başga-da, türkmen wekilýeti Sapporo şäherinde geçirilen VIII Gyşky Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna hem gatnaşdy.