icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

23 aprel 2020

715

GFR-iň “Commerzbank AG” bankynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi

2020-nji ýylyň 23-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “Commerzbank AG” bankynyň wekilleri bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly gepleşikler geçirildi.  

Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen “Commerzbank AG-nyň” arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliligini belläp, gatnaşyklaryň wajyp ugurlary barada pikir alyşdylar. Nemes kompaniýalaryň gatnaşmagynda Türkmenistanda amala aşyrylýan taslamalaryň maliýeleşdirilmegi meselesine seredildi.

Taraplar halkara kadalary we iň uly halkara tejribeleri göz öňünde tutmak bilen, Türkmenistanyň maliýe-bank ulgamyndaky oňyn üýtgeşmeleri we bu ugurda sanly ulgama geçmegiň wajyplygy barada aýtdylar.

Bilelikdäki taslamalary geljekde ösdürmek barada gürrüň gidende, Ykdysadyýet boýunça türkmen-german hökümetara iş toparynyň wajyp orny barada aýdyp, nemes tarapy ýene-de bir gezek Türkmenistanyň ykdysady syýasatyny goldaýandygyny hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi