icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

28 aprel 2020

700

Türkmen tarapy HPG-nyň synynyň görkezilişine gatnaşdy

2020-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Halkara pul gaznasynyň Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary üçin «Sebit ykdysadyýetiniň ösüş mümkinçilikleri» (MAK boýunça SYÖM) atly synynyň onlaný görnüşinde tanyşdyrylyşy geçirildi.

         Wideokonferensiýanyň barşynda dünýäniň ösüş düzgünleriniň häzirki şertlerinde ýurtlaryň arasyndaky özarabähbitli hyzmatdaşlygyň we hemmetaraplaýyn özara goldawlaryň giňeldilmeginiň aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygy nygtalyp geçildi.

Görkezilen synda Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlarynyň ösüşiniň esasy aýratynlyklary seljerildi, şeýle-de bu döwletleriň ösüş mümkinçiliklerine giňişleýin seredildi.

Türkmenistanda global derejesindäki çökgünligiň döwletiň ykdysadyýetiniň ösüşine ýaramaz täsirini azaltmak maksady bilen durmuşa geçirilýän giň göwrümli işler barada aýratyn bellenildi. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň ählisi halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda oňyn görkezijileriň gazanylmagyna gönükdirilen bolup durýandyr.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi