icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

29 aprel 2020

675

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

2020-nji ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Hasan Ruhani mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli birek-birege gutlaglaryny aýdyp, iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny beýan etdiler.

Söhbetdeşler telefon arkaly gürrüňdeşligiň barşynda netijeli döwletara gatnaşyklara ýokary baha berdiler. Şol gatnaşyklaryň esasynda hoşniýetli goňşuçylygyň gadymy däpleri hem-de iki halky birleşdirýän asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän taryhy-medeni gatnaşyklar durýar.

Bellenilişi ýaly, ilkibaşdan deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerinde ýola goýlan türkmen-eýran gatnaşyklary häzir ähli ugurlar boýunça — syýasy, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda işjeň ösdürilýär. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistan hem-de Eýran abraýly halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler.

Söhbetdeşligiň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary sebit we halkara derejesindäki möhüm meseleler boýunça hem pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, giň geografik çäkleri gurşap alan hem-de köp döwletleriň we halklaryň durmuşyna ýaramaz täsir edýän koronawirus (COVID-19) pandemiýasy baradaky mesele gozgaldy.  

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan dünýä bileleşiginiň ählumumy häsiýete eýe bolan COVID-19 ýokanjyna garşy göreşmekde edýän tagallalaryny doly goldaýar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Ýer ýüzüniň ähli ýurtlarynyň diňe tagallalary birleşdirmek arkaly bu möhüm wezipäni çözmekde gowy netijeleri gazanyp biljekdigine ynam bildirdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda iki goňşy döwletiň Baştutanlary netijeli türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny has-da depginli ösdürmäge uly mümkinçiligiň bardygyny belläp, haýyr-sahawatyň, rehimdarlygyň we ynsanperwerligiň aýy bolan mukaddes Oraza aýynyň ýetip gelmegi bilen ýene bir gezek birek-biregi gutladylar hem-de şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň doganlyk halklaryna hem-de tutuş musulman ymmatyna iň oňat arzuwlaryny aýtdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi