icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

05 maý 2020

1088

ÝB - Merkezi Aziýa kanunyň hökmürowanlygy boýunça sebitleýin maksatnamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça onlaýn duşuşyk

2020-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda ÝB - Merkezi Aziýanyň kanunyň hökmürowanlygy boýunça sebitleýin maksatnamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Türkmen tarapyndan, duşuşyga ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler, Içeri işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilleri we «Merkezi Aziýada aýanlygy ýokarlandyrmaga ýardam we ykdysady jenaýatlara garşy göreş» atly taslamanyň wekilleri ýewropa tarapyna wekilçilik etdiler.

Duşuşygyň maksady, türkmen hyzmatdaşlaryny ÝB-Merkezi Aziýa kanunyň hökmürowanlygy boýunça sebitleýin maksatnamasy, şeýle hem «Merkezi Aziýada aýanlygy ýokarlandyrmaga ýardam we ykdysady jenaýatlara garşy göreş» atly esasy bölegi bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy.

Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreş, bilelikdäki dolandyryş we işewürlik ülňülerini berjaý etmek ýaly ugurlaryň bilelikdäki taslamalaryň möhüm bölekleridigini bellemek gerek. Duşuşyga gatnaşyjylar taslamany durmuşa geçirmegiň ähmiýeti, maksatlary we wezipeleri barada pikir alyşdylar we çäreleriň meýilnamasy bilen tanyşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi