icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

16 sentýabr 2016

2094

Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahata bagyşlanan halkara media-forumy öz işini tamamlady

2016-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan gurnalan, Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahata bagyşlanan media-forum öz işini tamamlady.

  Bu forumyň işine gatnaşmak üçin ýurdumyzyň we daşary döwletleriň habarçylary, bilermenler, ugurdaş ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri ýygnandylar. Hususan-da, foruma gatnaşmak üçin Aşgabada TRT, IRNA, Euronews, The Tokio Şimbun ýaly iri halkara habar beriş agentlikleriň birnäçesiniň wekilleri geldiler.

Forumyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş umman boýunça Ykdysady we Sosial komissiýasy (ESKATO), Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy (UNECE), Halkara awtomobil ulaglary birleşigi (IRU), Halkara deňiz guramasy (MMO), Demirýol hyzmatdaşlyk guramasy (OSJD) we Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasy (SCO) ýaly abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň wekilleri çykyş etdiler.

Plenar bölümleriň barşynda ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny döretmek, infrastrukturanyň ösdürilmegi, durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriň ähmiýeti ýaly meselelere garaldy. 21-nji asyrda ählumumy ulag strategiýasynyň umumy wezipelerini amal etmekde, döwletleriň, halkara guramalaryň hem-de  maliýe we ykdysady merkezleriň arasynda özara düşünişmegi üpjün etmek boýunça wajyp gural hökmünde habar beriş serişdeleriniň ornuna aýratyn üns berildi.

Media-forumyň işiniň netijeleri boýunça, oňa gatnaşyjylar Türkmen döwletiniň ulag ulgamynda işjeň hyzmatdaşlygy giňeltmekde, bu mesele boýunça giň halkara maslahatlaşmalary ýola goýmakda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlarynyň wajyp ähmiýetini belläp geçdiler. Halkara habar beriş serişdeleriniň wekilleri Türkmen tarapyna myhmansöýerligi üçin, forumy ýokary derejede gurnandygy we onuň işiniň üstünlikli geçirilmegi üçin döreden oňyn şertleri üçin öz minnetdarlyklaryny bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi