icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

27 fewral 2017

1052

Türkmenistan bilen Kataryň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry geçirildi

2017-nji ýylyň 26-27-nji fewralynda Dohada Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.

Özara bähbitlerden ugur alýan meseleler ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň gün tertibiniň esasyny düzdüler. Taraplar iki ýurduň sebitleýin we dünýä gün tertibiniň meseleleri barada pikir alyşdylar. Ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygy üpjün etmek maksady bilen şertnamalaýyn-hukuk binýadyny berkitmegiň zerurlygy nygtaldy.

Şeýle-de geňeşmeleriň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady, energetika we medeni-gumanitar ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Gatnaşyjylar nobatdaky Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-katar hökümetara toparynyň geçirilmegi barada pikir alyşdylar. Mundan başga-da iki ýurduň arasynda ýokary derejedäki saparlary amala aşyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has ýokary derejä çykarmak baradaky meýillerini tassykladylar. Şeýle-de özara bähbitli esasda gepleşikleri geljekde hem özgertmek we giňeltmek maksady bilen iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri wagtly-wagtynda geçirmegiň möhümligi bellenildi.

         Şeýle-de saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti Katar Döwletiniň Daşary işler ministri jenap Şeýh Mohammad bin Abdulrahman Al Tani tarapyndan kabul edildi. 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi