icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

14 maý 2020

873

Türkmenistanyň DIM-niň HGI-da «Öňüni alyş diplomatiýa: Türkmenistanyň, Owganystanyň we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň tejribeleri» atly maslahat

2020-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda onlaýn görnüşinde «Öňüni alyş diplomatiýa: Türkmenistanyň, Owganystanyň we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň tejribeleri» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi, Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy hem-de Howpsuzlyk syýasaty boýunça Ženewa merkezi bilen bilelikde guraldy. 

Türkmen tarapyndan bu çärä Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory, şeýle-de Türkmenistanyň DIM-niň HGI-nyň, Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyplary hem-de professor-mugallymlary gatnaşdylar.

Maslahata şonuň ýaly-da BMG-niň Baş Sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite Wekili, BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň ýolbaşçysy hanym Natalýa German, Howpsuzlyk syýasaty boýunça Ženewa merkeziniň başlygy Kristian Dusseý, Türkmenistanyň we Owganystanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar tarapyndan Türkmenistanyň Bitaraplygynyň sebitde halkara parahatçylyk söýüjilik tagallarynyň ilerledilmegine saldamly goşant goşandygy nygtaldy. Türkmenistan sebitde syýasy durnuklylygyň saklanylmagynda, hoşniýetli goňşuçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde BMG-niň ygtybarly hem-de netijeli hyzmatdaşyna öwrüldi. Sebitiň ähli döwletleriniň goldaw bermeginde halkara jemgyýetçiliginiň karary bilen 2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň açylmagy hem munuň aýdyň subutnamasy bolup durýandyr.

Şeýle-de türkmen bitaraplygynyň sebitleýin howpsuzlygyň ähmiýetli faktory bolup durýandygy hem aýratyn nygtaldy. Bitaraplygymyzyň binýatlyk ýörelgeleri BMG-niň Merkezi Aziýadaky sebiti parahatçylyk we hyzmatdaşlyk zolagyna, yklymlaýyn durnuklylygynyň ygtybarly çatrygyna öwrülmegine gönükdirilen strategiki wezipelerine dolulygyna laýyk gelýändir.  

Umumy döredijilik maksatlarynyň hatyrasyna Türkmenistanyň ýurtlar we halkara guramalary bilen giň gerimli we işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygy aýratyn bellenilip geçildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi