icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

01 mart 2017

1518

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Yslamabatda geçirilen YHG agza ýurtlarynyň Sammitine gatnaşdy

Şu gün, 2017-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) agza ýurtlarynyň XIII Sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Pakistan Yslam Respublikasyna gitdi.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynyň döwlet hem hökümet baştutanlarynyň we ýokary wezipeli wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän bu  duşuşyk Guramanyň geçen döwrüň içinde amala aşyran işlerine baha bermekde, seljermekde, şol bir wagtda geljekde haýsy ugurlar boýunça işleriň alnyp barylmagyny kesgitlemekde wajyp tapgyr bolup çykyş edýär.

Forum “Serena” myhmanhanasynda geçirildi. Mejlisiň başlamagyndan ozal, oňa gatnaşyjylaryň resmi surata düşmek dabarasy geçirildi.

Türkmen Lideri ýokary derejeli Sammitde çykyş edip, mundan 20 ýyldan gowrak ozal, has takygy 1995-nji ýylyň 15-nji martynda hut şu ýerde, Yslamabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza ýurtlarynyň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň 3-nji duşuşygy geçirildi, onuň netijeleri boýunça Türkmenistana Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny bermek baradaky başlangyjy goldamak boýunça Yslamabat Jarnamasynyň kabul edilendigini belledi.

Şeýle hem öz çykyşynda Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan energiýa serişdelerini halkara derejesinde ibermegi ählumumy ykdysadyýetiň iň bir çeýe bölekleriniň biri hökmünde ykrar edýär diýip, aýtdy. Biziň ýurdumyz degişli başlangyç bilen çykyş edip, Birleşen Milletler Guramasynyň goldawyna daýanyp, bu başlangyjy yzygerli durmuşa geçirýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zaman ulag-kommunikasiýa ulgamyny döretmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip aýtdy.

Türkmenistanyň ulag ulgamyny ösdürmegiň milli maksatnamasy şu ugurda sebit we halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek bilen baglydyr. Biziň ýurdumyz iri üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryny öňe sürýär we olary daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen bilelikde durmuşa geçirýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän sebitleýin ähmiýetli giň möçberli taslamalar barada aýdyp, YHG-nyň çäklerinde energetika we ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegi beýleki düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylmagyna oňyn täsirini ýetirýr. Hususan-da, gurluşygy alnyp barylýan turba geçirijileriniň ýanynda täze elektrik ulgamyny we beýleki aragatnaşyk desgalaryny gurmak mümkinçiligi barada aýdyldy.

Ýokary derejeli bu maslahatyň çözgütlerini durmuşa geçirmek üçin Türkmenistanyň Prezidenti YHG-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge çagyrdy hem-de şunuň bilen baglylykda, şu ýyl Aşgabatda bu Gurama agza ýurtlaryň ulag ministrleriniň duşuşygyny geçirilmegini teklip etdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2015-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň, Owganystanyň we Pakistanyň gatnaşmagynda elektroenergetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky üçtaraplaýyn resminama gol çekilendigini aýtdy. Oňa laýyklykda, Türkmenistandan Owganystana we Pakistana elektroenergiýasyny ugratmak üçin degişli düzümleriň döredilmegi göz öňünde tutuldy.

2017-nji ýylyň 14-15-nji noýabrynda Aşgabatda Owganystan boýunça ýedinji Sebitara ykdysady maslahatynyň geçiriljekdigini belläp, döwlet Baştutanymyz bu forumyň dowamynda şunuň ýaly sebitleýin ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilişi bilen jike-jik tanyşyljakdygyny aýtdy.

Türkmen Lideri özüniň çykyşynda bu Guramany syýasatlaşdyrmakdan daşda durmalydygyny aýdyp, onuň ykdysady mazmunynyň bolsa döwletleriň ählumumy bähbitlerini amala aşyrmakda ýetýän üstünlikleriniň esasy mehanizmi bolup çykyş edýändigini belläp geçdi.

 Ýokary derejeli forum tamamlanandan soň metbugat konferensiýasy geçirildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi