icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

02 mart 2017

1153

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna agza bolmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli dabaraly mejlis geçirildi

2017-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna agza bolmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistan – BMG: Parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna birek-biregi hormatlamak ýörelgelerine esaslanýan strategik hyzmatdaşlyk” atly dabaraly mejlis geçirildi.

 Maslahatyň işine Türkmenistan Mejlisiniň, ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary hem-de ýurdumyzyň jemgyýetçilik edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Institutyň foýesinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen gatnaşyklarynyň taryhyny açyp görkezýän, şunça ýyllaryň dowamynda ýerine ýetirilen bilelikdäki taslamar barada we garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň ýeten sepgitlerini görkezýän sergi gurnaldy.

Maslahatyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň dabaraly maslahata gatnaşyjylara Gutlag haty okaldy. Onda Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň ählumumy parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ýaly häzirki zamanyň derwaýys meseleleriniň üstünde işlemek ugrundaky bilelikdäki tagallalarynyň dünýä jemgyýetçiliginde uly goldaw tapýandygyny barada beýan edildi.

Daşary ýurt diplomatlarynyň—ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň çykyşlary bu ýere ýygnananlarda uly gyzyklanma döretdi. Olar dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýýan hem-de özüniň uly syýasy, ykdysady we medeni kuwwatyny ählumumy parahatçylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbitlerine peýdalanýan Türkmenistanyň ýörelgelerine ýokary baha berdiler.

Çykyş eden gatnaşyjylar Türkmenistanyň halkyny we ýolbaşçylygyny Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna agza bolmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli we 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky Rezolýusiýany kabul etmegi bilen gutladylar. Şu nukdaý-nazardan, türkmen bitaraplygynyň global integrasion işlere köpugurly täsirine anyk we hemmetaraplaýyn baha berildi, Türkmenistanyň daşary syýasat, parahatçylyk söýüjilik başlangyçlarynyň ugrunda umumy wezipeleri çözmegiň täze çemeleşmeleri beýan edildi.

         Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Soňra ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň taýýarlan baýramçylyk konserti görkezildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi