icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

03 mart 2017

1101

Türkmenistanyň DIM-nde türkmen-özbek gepleşikleri geçirildi

2017-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Aşgabada Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana boljak döwlet saparyny taýýarlamak üçin iş toparynyň düzüminde gelen Özbegistan Respublikasynyň Daşary ykdysady aragatnaşyklar, maýa goýumlar we söwda ministri E.Ganiýew bilen gepleşikler geçirdi.

Duşuşygyň başynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşyldy. Esasy üns syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryna berildi. Şeýle hem, sebitleýin meseleler we halkara guramalaryň, esasan hem BMG-niň çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Miromonowiç Mirziýoýewiň Türkmenistana meýilleşdirilýän döwlet saparyna taýýarlyk görmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, saparyň dowamynda gol çekiljek ikitaraplaýyn resminamalar toplumyna garaldy. Taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýagdaýyna kanagatlanma bildirdiler we birek-biregi hormatlamak hem-de ynanyşmak prinsiplerine esaslanýan özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan buýana-da ýygjamlaşdyrmagyň zerudygyny bellediler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi