icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

03 iýun 2020

1324

Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi

2020-nji ýylyň 3-nji iýunynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli “Welosiped” binasynyň açylyş dabarasy hem-de köpçülikleýin welosiped ýörişi geçirildi.

Geçirilen dabaraly çärä Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary, ýurdumyzda akkreditirlenen daşary ýurt ilçihanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, milli we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli binanyň açylyş dabarasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňa gatnaşyjylara aýdan Gutlag sözi bilen many-mazmun taýdan has-da baýlaşdy. Soňra ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmegindäki baýramçylyk çykyşlary bilen dabara dowam etdi.

Dabaranyň barşynda Türkmen Lideriniň badalga bermeginde köpçülikleýin welosipedli ýörişe başlandy we oňa gatnaşyjylar pellehana, ýagny Döwlet münberine tarap ugur aldylar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ilki Çandybil, soňra Bitarap Türkmenistan şaýollaryndan hereket edip, 12 müň metr aralygyny geçeninden soňra arzyly pellehana geldi.

Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde Bütindünýä welosiped güni mynasybetli sportuň birnäçe görnüşleri boýunça geçirilen çäreler hem köp adamly boldy. Ol ýerde sportuň futzal, woleýbol, basketbol, stol tennisi, gimnastika, bouling, küşt, uly tennis görnüşleri boýunça oýunlar gurnaldy.

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli çäreler diňe bir ýurdumyzyň çäklerinde geçirilmän, eýsem, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky Ilçihanalary tarapyndan guralan çäreler dünýäniň birnäçe künjeginde giň gerim aldy. Olaryň hatarynda, Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky, Ukrainadaky, Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-dabi we Dubaý şäherlerindäki, Gruziýadaky, Gazagystandaky, Ýaponiýadaky, Awstriýadaky, Belgiýa Patyşalygyndaky, Hytaýdaky, Fransiýadaky, Türkiýe Respublikasynyň Ankara we Stambul şäherlerindäki, Belarus Respublikasyndaky, Özbegistandaky, Rumyniýadaky Ilçihanalary we konsullyk edaralary tarapyndan geçirilen dürli görnüşli welosipedli ýöriş çärelerini bellemek zerurdyr.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi