11 iýun 2020
3437
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maslahatyna gatnaşdy
2020-nji ýylyň 10-njy iýunynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ýerine ýetiriji toparynyň Daşary işler ministrler derejesindäki maslahaty geçirildi.
Bu maslahata Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri gatnaşdylar. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary wekilçilik etdi.
Duşuşygyň dowamynda häzirki wagtda ýer ýüzünde ýüze çykan adamzat ýokanjynyň täze görnüşiniň – COVID-19 koronawirusynyň dünýä ýetiren ýagdaýlarynyň nazarda tutulmagy bilen, sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça birnäçe derwaýys meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Başga habarlar
20
Oct
Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
20
Oct
Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Türkmenistana sapar bilen geldi
19
Oct
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşary işler ministrleriniň «C5+1» formatyndaky duşuşygy
19
Oct
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen duşuşygy
19
Oct
Türkmenistanyň wekiliýeti Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 52-nji mejlisine gatnaşdy
Ähli habarlary görmek