icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

16 iýun 2020

1077

CAREC -iň Milli utgaşdyryjylarynyň maslahat beriş mejlisi guraldy

2020-nji ýylyň 16-njy iýunynda Aziýa ösüş bankynyň “Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk” (CAREC) maksatnamasynyň Milli utgaşdyryjylarynyň onlaýn görnüşinde maslahat beriş mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar CAREC maksatnamasynyň ykdysadyýet, söwda, energetika, syýahatçylyk, ykdysady geçelgeler ugurlarynda durmuşa geçirilen işler, şeýle hem saglygy goraýyş ulgamynda Aziýa ösüş banky tarapyndan СОVID-19-a garşy görülen çäreler bilen tanyşdyryldy.

Mejlisiň esasy maksady pandemiýanyň CAREC-a agza ýurtlaryň ykdysady ýagdaýyna ýetiren täsiri we häzirki ýüze çykan ýagdaýyň netijelerini taýýarlamakda, Aziýa ösüş bankynyň pandemiýa garşy alyp barýan işiniň täzelenen maglumatlary barada çykyşlarda, CAREC maksatnamasynyň işine we netijelerine berilýän baha hem-de zerur bolan üýtgeşmeleriň kesgitlenilmeginde we ylalaşylmagynda jemlenilýär.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi