icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

16 iýun 2020

746

Türkmenistan we Fransiýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny berkidýär

2020-nji ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň we Fransiýanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek boýunça Türkmenistanyň DIM-niň hem-de Fransiýa-Türkmenistan Söwda edarasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly maslahat geçirildi.

Duşuşyk taraplara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň derejesini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi. Söwda we maýa goýumlar, nebitgaz ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri babatynda bellenildi. Türkmenistanyň we Fransiýanyň işewürlik toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerine hem seredilip geçildi.

Mundan başga-da, dünýäniň we sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryna pandemiýanyň ýetirýän täsirini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurda taraplar global pandemiýanyň milli ykdysadyýetiň önümçilik ulgamlaryna ýetirýän täsiriniň azaldylmagy, iş ýerleriniň saklanylmagy we ilatyň ejiz gatlaklarynyň gorap saklanylmagy boýunça Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan amala aşyrylan hem-de amala aşyrylmaly çäreleriň birnäçesi barada nygtap geçdiler.

Maslahatyň ahyrynda taraplar maýa goýmak, bilelikdäki kärhanalaryň döredilmegi, taslamalaýyn we düzümleýin maliýeleşdirmek we hyzmatdaşlygyň beýleki dürli ugurlaryna seredip geçmäge taýýardygyny bellediler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi