icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

16 iýun 2020

816

Türkmenistan bilen Sierra-Leone Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Teswirnama gol çekildi

2020-nji ýylyň 15-nji iýunynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistan bilen Sierra-Leone Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Teswirnama gol çekmek dabarasy geçirildi.

Resminama türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.Gurbanow hem-de Sierra-Leone tarapyndan Sierra-Leone Respublikasynyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Kamara Ali Badara tarapyndan gol çekildi.

Gol çekmek dabarasynyň öňünden Ilçiler Türkmenistanyň we Sierra-Leoneniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oba hojalygy, geologiýa, maýa goýumlar ýaly ulgamlary bilen bir hatarda gatnaşyklaryň ileri tutulýan beýleki ugurlaryny hem ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň toplan tejribesiniň nazarda tutulmagy bilen lukmançylyk hyzmatlaryny bermek ulgamynda özarahereket etmegiň meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Kärdeşler iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň işjeň ýagdaýda ösdürilmegine ynam bildirdiler. 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi