icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

24 iýun 2020

749

Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-koreý hökümetara toparynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy

2020-nji ýylyň 24-nji iýunynda Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-koreý hökümetara toparynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna we mümkinçiliklerine seredilip geçildi. Taraplar hyzmatdaşlygyň gyzyklanma bildirilýän ugurlary, hususan-da ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça pikir alyşdylar we birnäçe ylalaşyklary gazandylar.

Söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ýokary görkezijeleri barada aýdylanda, taraplar energetika, dokma senagaty, gämi gurluşygy, sanly tehnologiýa ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerine seretdiler. Gepleşikleriň barşynda şeýle hem ýurdumyzda nebithimiýa toplumyndaky taslamalaryň gurluşygyna we döwrebaplaşdyrylmagyna işjeň gatnaşýan koreý kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Häzirki pandemiýa ýagdaýyny nazara alyp, taraplar saglygy goraýyş ulgamynda, şol sanda ýokanç keselleriň öňüni almak we göreşmek ýaly meseleler boýunça hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini nygtadylar. Bu ugurda ýerine ýetirilen özara hereketleriniň wagtynda geçirilmegi we netijeliligi barada aýratyn aýdyldy. 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi