Daşary işler ministriniň Kanadanyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşygy boldy

2020-nji ýylyň 26-njy iýunynda DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Kanadanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Ankara şäheri) Jamal Kokhar bilen onlaýn görnüşde duşuşygy geçirildi.

Mähirli salamlaşanlaryndan soňra, taraplar Türkmenistan bilen Kanadanyň özara bähbitli dürli ugurlar boýunça uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga bolan gyzyklanmasyny bildirdiler.

Iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň möhümligi bellenildi. Taraplar abraýly halkara guramalarynyň, hususanda BMG-niň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlykda öz beýanyny tapýan, halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri bilen bagly garaýyşlaryň meňzeşligini bellediler.

Şeýle hem taraplar dünýädäki koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda dörän ýagdaýy, şol sanda ony ýeňip geçmek boýunça alnyp barylýan işleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Alym-lukmanlaryň halkara geňeşiniň döredilmegi bilen birlikde ylmy diplomatiýanyň netijeli gurallarynyň ulanylmagy barada öňe süren başlangyçlary barada aýdyldy. Bu ugurda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerine garaldy. 

Diplomatlar söwda we ykdysadyýet, bilim, şeýle hem öňüni alyş hem-de suw diplomatiýasy ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine seretdiler, şeýle hem medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk barada gürrüň etdiler. Bellemeli zatlaryň biri ol hem, ýerine ýetirilýän işleriň hatarynda bilelikdäki medeni çäreleriň meýilleşdirilmegi we bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň alnyp barylýanlygydyr.

Gepleşikleriň ahyrynda Kanadanyň Türkmenistandaky Ilçisi Jamal Kokhar türkmen-kanada gatnaşyklarynyň durnukly ösmeginde öz goşandyny goşjakdygyny nygtady.