GDA-nyň Saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk boýunça Geneşiniň ýörite mejlisi geçirildi

2020-nji ýylyň 30-njy iýunynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk boýunça XXXI ýörite mejlisi wideokonferensiýa görnüşinde geçirildi. Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýolbaşçylary wekilçilik etdiler.

Duşuşygyň gün tertibi Arkalaşygyň döwletleriniň özara gatnaşyklarynyň dürli ugurlary boýunça möhüm meseleleriniň birnäçesini öz içine aldy. Mejlisiň başynda taraplar GDA gatnaşyjy döwletlerinde täze koronawirus ýokanjy boýunça epidemiologiki ýagdaýlary hem-de COVID-19 garşy göreşmek boýunça görülýän çäreleri, şonuň ýaly-da GDA-nyň Saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk boýunça Geňeşiniň iş edaralarynyň täze ýokanç keseliniň ýaýramagyna garşy alyp barýan hereketlerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlise gatnaşyjylar dünýä jemgyýetçiligi üçin ýeňil bolmadyk häzirki COVID-19 şertlerinde hyzmatdaşlyk etmegiň, utgaşdyrmanyň we maglumat alyşmagyň aýratyn ähmiýetini we zerurdygyny bellediler.

GDA agza ýurtlaryň ilatynyň sanitar-epidemiologiki abadançylygy, sanitar-epidemiologiki häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olara garşy göreşmek ulgamyndaky resminamalaryň işlenip düzülmegi bilen birlikde, öň kabul edilen kararlaryň durmuşa geçirilişiniň depgini seljerildi. Şonuň ýaly-da wekiliýetleriň koronawirus ýokanjy bilen kesellän hassalara lukmançylyk kömegini bermegiň guramaçylygy boýunça GDA-nyň aýratyn alnan döwletleriniň tejribeleri dogrusyndaky çykyşlary hem diňlenildi.