GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň nobatdaky mejlisi sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi

2020-nji ýylyň 30-njy iýunynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň 86-njy mejlisi sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wekilçilik etdi.

Mejlisiň barşynda döwletara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle-de Arkalaşygyň agza ýurtlarynyň arasynda özarabähbitli gatnaşyklaryň kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şonuň ýaly-da, duşuşygyň çäklerinde GDA-nyň agza döwletleriniň durmuş-ykdysady ýagdaýlary hem-de COVID-19 pandemiýasy zerarly ýüze çykan ýaramaz täsirleriň peseldilmegi boýunça mümkingadar köpçülikleýin çäreler dogrusynda pikirler alyşyldy.

Mejlisiň dowamynda Moskwa şäherinde Halk hojalygynyň gazananlarynyň sergisiniň çäklerinde GDA-nyň agza döwletleriniň sergi söwda merkezleriniň döredilmegi boýunça alnyp barylýan işler, 2016-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň karary bilen tassyklanylan GDA-nyň agza döwletleriniň intellektual eýeçiligi bazarynyň döredilmeginiň we ösdürilmeginiň Konsepsiýasynyň durmuşa geçirilişi hem-de beýlekiler bilen bagly meselelere seredilip geçildi.

Şonuň ýaly-da, 2020–2025-nji ýyllar döwür üçin Halkara gatnawlarynda ýük daşamalarynyň durmuşa geçirilmeginde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza döwletleriniň çäklerinde ulag howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň Strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça çäreleriň Meýilnamasynyň, 2020–2024-nji ýyllar döwür üçin Onkologiki kesellere garşy göreşmek ulgamynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriniň hyzmatdaşlyk etmeginiň Konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça çäreleriň Meýilnamasynyň we beýleki birnäçe resminamalaryň taslamalary duşuşyga gatnaşyjylaryň garamagyna hödürlenildi.

Duşuşygyň gün tertibine girizilen meseleleriň ara alyp maslahatlaşylmagynyň jemleri boýunça hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça taraplaryň özarahereketlerini kadalaşadyrýan birnäçe resminamalara gol çekildi.