icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

09 mart 2017

2332

Türkmenistan bilen Özbegistan hyzmatdaşlygyň täze derejesine çykdylar

2017-nji ýylyň 7-nji martynda irden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we ýurdumyzda döwlet saparynda bolýan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ulag-kommunikasiýa infrastrukturasynyň möhüm desgalary bolan Amyderýanyň üstünden geçýän köprüleriň açyp ulanylşa girizmek dabarasyna gatnaşmak üçin Türkmenabat şäherine geldiler.

Türkmenabadyň howa menzilinden Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew awtoulaglarda Türkmenabat-Farap demir ýol we awtomobil köprüleriniň açylyş dabarasynyň geçiriljek ýerine geldiler. Bu ýerde köp sanly dabara gatnaşyjylar ýygnanypdyr.

Amyderýanyň üstünden täze köprüleriň işe girizilmegi hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňelder we Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasy, GDA, YHG ýaly iri halkara guramalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga ýol açar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda aýtdy. Şular ýaly taslamalary ýerine ýetirmegiň maksady BMG-niň we ÝHHG-niň sebiti Ýewraziýanyň günortasyndaky strategik durnuklylygynyň zynjyrynyň berk halkasy hökmünde garalýan uzak möhletleýin strategiýasyna gabat gelýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew toý bagyny kesip, Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat-Farap täze demir ýol köprüsini açdylar.

Uzynlygy 1750 metr bolan täze demir ýol köprüsi iň täze tehnologiýalaryň ulanylamgy bilen bina edildi. Has köp ýük göteriji otlulara niýetlenilip, ýokary derejeli seýsmiki durnukly we ulanylyşda örän berk bolan gurnamalar peýdalanyldy. Köprüniň aşagyndan gämileriň geçip bilmegi üçin döredilen giňişligiň beýikligi 10 metre, ini bolsa 60 metre deňdir.

Köpri demir-beton diregleriniň 18-siniň üstünde saklanýar. Diametri 1,5 metr bolan demir-beton daýançlar derýanyň 40 metrden gowrak çuňlugyndan ýere berkidilen direglere düşjek agramlary gyradeň paýlaýar. Derýanyň hanasynyň çäklerinde suw syrgynlarynyň sürtemeginden goramak üçin daýançlar aýnapoliefir turbalary bilen örtüldi. Amyderýanyň iki kenarynda-da demir ýol köprüsiniň töwereklerinde kenar berkidiji işleriň toplumy ýerine ýetirildi.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Amyderýanyň üstünden gurlan täze demir ýol köprüsinden geçen ilkinji ýolagçylar boldular. Köpriniň iki goňşy döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagyndaky açylyş dabarasyndan soň, otly Türkmenabat-Farap täze ýol bilen Amyderýanyň sag kenaryna tarap ugrady. Amyderýanyň sag kenarynda döwlet Baştutanlary derýanyň üstünden geçýän ýene-de bir ýoluň – Türkmenabat-Farap awtomobil köprüsiniň açylyşyna gatnaşdylar.

Awtomobil köprüsiniň uzynlygy 1600 metre barabardyr, ol demir ýol köprüsinden 450 metr derýanyň akymynyň aşaky tarapynda gurlupdyr. Köpriniň gurluşygynda sebitde deňi-taýy bolmadyk iň häzirki zaman gurnamalar we progressiw tehnologiýalar ulanylypdyr. Awtomobil köprüsiniň taslamasynda hemme zatlar, ýagny ýük göterijilik, hereket tizligi, gurnamalaryň ýokary derejeli berkligi, ýokary seýsmiki howpsuzlyk we beýleki ulanylyş-tehniki häsiýetnamalary göz öňünde tutulypdyr. Köpri Rihteriň ölçeginden 9 balla deň bolanýer titremesine çydamaga niýetlenendir. Awtoulaglara taýýarlanan dört zolakly ýolyň ini 21,5 metre deňdir. Awtoulaglaryň hereket howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen körä golaýlan ýerinde 6 kilometr uzynlygy bolan ýörite eňňit sowma ýollar edilipdir. Köpriniň iki tarapynda ini 1,5 metr bolan pyýada ýodalar geçirilipdir.

Türkmenabat-Farap demir ýol we awtomobil köprüleriniň işe girizilmegi ýurduň ulag infrastrukturasynyň möhüm desgalary boldy we Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde dikeldilmegi aňladýar. Şu jähtden, Merkezi Aziýa ädimme-ädim yklymyň iň wajyp ulag-üstaşyr çatryklarynyň birine öwrülýär.

 

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi