icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

13 iýul 2020

2498

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasynda ulag ulgamy boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2020-nji ýylyň 13-nji iýulynda Russiýa Federasiýasynyň ulag ministriniň orunbasary Ýu.Swetkow hem-de ministrligiň wekilleri bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, şeýle-de «Türkmenawtoulaglary», «Türkmendeňizderýaýollary», «Türkmendemirýollary» we beýleki ýurduň ulag pudagyna degişli edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň halklarynyň, edil şonuň ýaly-da tutuş sebitiň gyzyklanmalaryna laýyk gelýän ulag-üstaşyr geçelgeleri boýunça özarabähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gyzyklanma bildirdiler.

Şeýle hem taraplar deňiz, demirýol, awtomobil we howa ulaglary ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen bagly meselelere seredip geçdiler. Bu ugurda ulaglaryň ähli görnüşleri üçin daşary söwda ýüklerini daşamakda gümrük amallarynyň ýeňilleşdirilmeginiň, şol sanda ähli daşary söwda ýükleri hem-de olaryň aýratyn bölekleri üçin Hazar basseýniniň portlarynyň üsti bilen daşamalary gurnamak arkaly «ýaşyl geçelgäniň» döredilmeginiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, wideo-duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň çäklerinde awtomobil ulaglary pudagynda intellektual ulag ulgamyny we ulag tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça pikir alyşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi