icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

13 mart 2017

1175

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Rumyniýanyň Diplomatik institutynyň arasynda gatnaşyklary ösdürmek boýunça gepleşikler geçirildi

2017-nji ýylyň 9-10-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory B.Zahyrow Rumyniýada iş saparynda boldy.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Rumyniýanyň Milli bilim ministrliginiň döwlet sekretary Gabriel Liwiu Ispaş, Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň döwlet sekretary Dan Nikulaesku we Rumyniýanyň Diplomatik institutynyň Baş direktory Dan Petre dagylar bilen duşuşdy. Bu duşuşyklaryň dowamynda taraplar diplomatik işgärleri taýýarlamak ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we berkitmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

10-njy martda Rumyniýanyň Diplomatik institutynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Rumyniýanyň Diplomatik institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnamanyň resmi gol çekmek dabarasy geçirildi. Bu dabara rumyn tarapyndan Rumyniýanyň Diplomatik institutynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Ilçi S.Moldowan we Rumyniýanyň DIM-niň işgärleri, türkmen tarapyndan bolsa Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasynyň işgärleri gatnaşdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi