icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

23 iýul 2020

771

Telefon arkaly söhbeteşligiň dowamynda türkmen-britan gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy

2020-nji ýylyň 23-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Daşary işler we Arkalaşygyň işleri boýunça ministriniň parlamentar orunbasary, Ýewropa hoşniýetli goňşuçylyk we Amerika işleri boýunça ministri hanym Wendi Morton bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi.

Taraplar özara gyzyklanma döredýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik gepleşikleriniň ilerledilmegi üçin iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri yzygiderli geçirmegiň ähmiýeti bellenip geçildi.

Şeýle hem taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň (TUKTIC) wajyplygy nygtaldy. Şu güne çenli TUKTIC-iň ýedi sany mejlisi geçirilip, olaryň dowamynda ykdysadyýetiň dürli pudaklary boýunça söwda-ykdysady meselelere garaldy we işewür hyzmatdaşlygyny berkitmegiň mümkinçiliklerine seredildi.

Diplomatlar halkara guramalaryň, hususan-da BMG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Ekologiýa we tebigaty goramak ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar howanyň üýtgemegi bilen göreşmek ugrunda hereket edýän ählumumy gurallaryň çäklerinde halkara hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň ähmiýetini bellediler. Türkmenistanyň ekologiýa howpsuzlygyna aýratyn üns berýändigi we Araly halas etmegiň Halkara gaznasy arkaly Aral deňzi meseleleriniň çözülmegi ugrunda işjeň işleýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça Maslahatlarynyň, şol sanda geljekki COP-26 mejlisiniň geçirilmeginiň wajyplygyny nygtadylar.

Koronawirus pandemiýasy bilen göreşde halkara hyzmatdaşlyk etmek meselesi gepleşikleriň esasy mowzuklarynyň biri boldy. Diplomatlar täze koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmekde halkara tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň hem-de ylmy diplomatiýa gurallarynyň ulanylmagynyň wajyplygy barada aýtdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi