icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

15 mart 2017

1115

Aşgabatda Hazarýaka döwletleriniň arasynda «Hazar deňzinde ýüzüşiň howpsuzlygyny üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Teswirnamanyň» taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça gepleşikler geçirilýär

2017-nji ýylyň 15-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Hazarýaka döwletleriniň arasynda «Hazar deňzinde ýüzüşiň howpsuzlygyny üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Teswirnamanyň» taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça gepleşikleriň nobatdaky tapgyry öz işine başlady. Gepleşiklere gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň wekiliýetleri Aşgabada ýygnanyşdylar.

Gepleşikleriň şu tapgyrynyň barşynda garalýan Hazar deňzinde ýüzüşiň howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Teswirnama möhüm wezipeleri çözmek—deňiz gämileriniň heläkçiliginiň öňüni almak, gämileriň ekipažlarynyň aglabasynyň we ýolagçylarynyň ömrüni hem-de saglygyny goramak, ulag serişdeleriniň we olarda daşalýan ýükleriň abatlygyny üpjün etmek bilen baglanyşyklydyr.

Iki günläp dowam etjek bu mejlisde taraplar düzümlere, enjamlara we deňiz gämileriniň enjamlaşdyrylyşyna bildirilýän talaplaryň, kadalaryň hem-de standartlaryň ýerine ýetirilişine, olaryň ulanylyşyna, ekipažyň hünär derejesine gararlar. Şeýle hem taraplar deňizde gözleg we halas ediş işlerini guramaga, deňiz portlarynda gözegçiligi ýola goýmaga, heläkçilikleri derňemäge, deňizde ýüzmek üçin howply bolan daşky şertleriň, şol sanda deňiz gurşawynyň hapalanmagynyň, emeli deňiz desgalarynyň – ýerasty kabelleriň, turbageçirijileriň, buraw desgalarynyň, beýleki gämileriň ýaramaz täsiriniň öňüni almaga degişli meseleleriň ençemesini ara alyp maslahatlaşarlar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi