icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

16 mart 2017

1254

Nýu-Ýorkda Türkmenistanyň BMG-ä goşulmagynyň 25-ýyllygy mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi

2017-nji ýylyň 9-njy martynda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky edara binasynda Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň BMG-ä goşulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi.

Bu kabul edişlige BMG-niň BA-nyň 71-nji sessiýasynyň Başlygy Piter Tomson, Baş Sekretarynyň orunbasary derejesindäki BMG-niň guramalarynyň ýolbaşçylary, Nýu-Ýorkda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň, BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Diplomatik toparynyň duaýeni hökmünde Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň adyndan çykyş edip, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili, Ilçi A.Ataýewa energetika, ulag we aragatnaşyk, suw, daglaryň ösüşi, daşky gurşawy goramak we Merkezi Aziýada ýadro ýaraglaryndan erkin zolagyny döretmek meseleleri boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň başlangyçlaryna ünsi çekdi.

BMG-niň BA-nyň 71-nji sessiýasynyň Başlygy P.Tomson öz çykyşynda BMG-niň BA-nyň degişli rezolýusiýalarynyň kabul edilmegi bilen tassyklanan ösüş we howpszulyk meseleleri boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň uly goşandyny belledi. P.Tomson BMG-niň ähli agza-döwletlerini Merkezi Aziýa ýurtlarynyň nusgasyna eýermäge, dostluga we agzybirlige çagyrdy.

Kabul edişligiň çäginde Merkezi Aziýanyň her bir ýurdunyň BMG-däki 25 ýylynyň dowamyndaky wajyp taryhy wakalaryna bagyşlanan surat sergisi gurnaldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi