icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

26 sentýabr 2020

2632

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyň 25 ýyllygy mynasybetli Tbilisi şäherinde wideorolik görkezildi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygyny bellemegiň öňisyrasynda we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy tarapyndan 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Tbilisiniň merkezi şaýolynyň ugrunda, demirýol menzilinde we metro ýerasty geçelgesinde ýerleşdirlen uly monitorlarda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini şöhlelendirýän wideorolik görkezildi.

Görkezilen wideoroligiň üsti bilen Gruziýanyň ýerli halky, şeýle hem şäheriň myhmanlary Türkmenistan bilen, onuň oňyn Bitaraplyk syýasaty arkaly parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmekdäki  orny bilen ýakyndan tanyşmaga uly mümkinçilik aldylar.

Wideoroligiň görkezilişi oktýabr aýynyň başyna çenli dowam eder.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi