icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

13 oktýabr 2020

3057

Türkmenistan bilen Saud Arabystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2020-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministriniň syýasy we ykdysady işler boýunça orunbasary jenap Adel Siraj Salehyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň öňdebaryjy ugurlary boýunça işjeň gepleşikler geçirildi. Dürli derejelerde geçirilýän yzygiderli duşuşuklaryň özara gyzyklanma bildirilýän ähli ulgamlar boýunça özarabähbitli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine we çuňlaşdyrylmagyna itergi berýändigini nygtaldy. Bu ugurda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine iki ýurduň wekiliýetleriniň saparlarynyň guralmagyna taraplaryň özara taýýarlyklary aýan edildi.

Diplomatlar iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmegiň guraly bolup durýan, syýasy-diplomatik gepleşikleri geçirmegiň gerimini giňeltmekligiň mümkinçiliklerine seretdiler. Munuň çäklerinde syýasy geňeşmeleri geçirmegiň wajyp orny bellenildi.

Parlamentara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerine seredilip geçildi. Taraplar türkmen-saud gatnaşyklarynyň ykdysadyýet we maýa goýum, ulag, söwda, gurluşyk, himiýa senagaty we oba hojalygy ulgamlary boýunça derwaýys meseleler hakynda gürrüň etdiler. Şunlukda, taraplar türkmen-saud hyzmatdaşlygynyň eksport düzüjileriniň diwersifikasiýasynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmakda meýillerini bildirip, taraplar bilim, ylym, sport we syýahatçylyk ugurlaryndaky gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanmalaryny bildirdiler. Şeýle hem dünýäde ýüze çykan epidemiologiki ýagdaýlaryň kadalaşmagy bilen iki ýurduň Medeniýet günlerini geçirmekligi dowam etmegiň zerurlygy nygtaldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi