icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

14 oktýabr 2020

672

Halkara tennis federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşyk geçirildi

2020-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Halkara tennis federasiýasynyň Prezidenti, Halkara Olimpiýa komitetiniň agzasy Dewid Haggerti bilen onlaýn-duşuşyk geçirildi.  

Türkmen tarapyndan duşuşyga Milli Olimpiýa komitetiniň, Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň, şeýle-de Daşary işler, Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda taraplar Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Dewisiň kubogyny almak ugrunda halkara tennis ýaryşlaryň tapgyrlaýyn duşuşyklaryny geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Dewisiň kubogynyň çäklerinde Dewid Haggertiniň Türkmenistana saparyny gurnamak baradaky meselelere hem seredildi. 

Mundan başga-da, ilat arasynda tennisi ýaýbaňlandyrmak, ýurdumyzda hünär taýdan tennise ýöriteleşen türgenleri taýýarlamak maksady bilen, taraplar Halkara tennis federasiýasynyň, Milli Olimpiýa komitetiniň we Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Iş meýilnamany işläp taýýarlamak hem-de durmuşa geçirmek meseleleri babatda pikir alyşdylar.   

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi