DIM-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň alyp barýan işlerine bagyşlanan halkara brifing geçirildi

2020-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň alyp barýan işlerine bagyşlanan halkara brifing geçirildi.

Brifinge ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň, Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle-de Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şol sanda ýerli hem-de daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň Özbegistandan, Eýrandan, Russiýadan, Türkiýeden, Gruziýadan, Italiýadan, Ukraindan, Germaniýadan, Şweýsariýadan hem-de Hytaýdan bolan daşary ýurtly agzalary hem sanly wideoaragatnaşyk arkaly brifinge gatnaşmaga mümkinçilik aldylar.

Gatnaşyjylar bilen mähirli salamlaşanyndan soňra, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary B.Mätiýew döwletimiziň medeni gymmatlyklarynyň – milli baýlyklarynyň, hususan-da ahalteke bedewiniň we türkmen halkynyň ýakyn ýoldaşy bolan - alabaý itleriniň saklanylmagy hem-de giňden şöhlelendirilmegi, şonuň bilen birlikde hem bu Assosiasiýalaryň işini kämilleşdirmek nukdaýnazaryndan şu duşuşygyň derwaýys ähmiýetini belläp geçdi.

Bu brifing diňe bir bu ugurdan işleýän hünärmenleri we atçylyk hem-de kinologiýa ulgamynyň muşdaklaryny däl-de, eýsem medeni gymmatlyklaryň dünýä halklaryny ysnyşdyrýandygyna we ýurtlaryň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrýandygyna anyk göz ýetiren halkara jemgyýetçiligini hem özünde jemleýän bu wajyp düzümleriň alyp barýan işleriniň esasy ugurlary babatynda pikir alyşmak üçin giň mümkinçilik berdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan tarapyndan ahalteke atlaryny seýislemek sungatyny we türkmen alabaý itlerini köpeltmegiň milli aýratynlyklaryny ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizmek boýunça teklip öňe sürüldi.

Öz çykyşlarynda “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň Baş direktory A.Berdiýew, Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşky gurşawy goramak we gidrometeorologiýa bölüminiň başlygy J.Saparmyradow, şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çeper ýolbaşçysy P.Baýramdurdyýew dagylar taryhy delillere esaslanýan ähmiýetli maglumatlary gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirdiler. Bu öz nobatynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň alyp barýan işleriniň ilerledilmegi nukdaýnazaryndan hem derwaýys häsiýete eýe bolup durýar.

Brifingde çykyş eden Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Jeýkob Ferdezuçt GBR» atçylyk firmasynyň direktory Katarina-Irena Anna-Margarita Ýakob ahalteke atçylyk sungatynyň ösdürilmegi babatynda türkmen hyzmatdaşlary bilen köp ýyllyk özara hereketleriň aýratyn netijeli häsiýetini nygtady.

Öz gezeginde Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň agzasy, Russiýanyň Kinologik guramalar birleşiginiň kinolog bilermeni Irina Staşewskaýa gadymy kökleri bolan alabaý itleriniň tohumynyň özboluşlylygyny aýratyn belläp, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary babatynda gymmatly maslahatlaryny beýan etdi.

Mazmuna baý çykyşlaryň barşynda şonuň ýaly-da bu günki günde ezber hünärmenleri, atşynaslary, kinologlary, şol sanda alymlary we bu özboluşly milli tohumlaryň muşdaklaryny, janköýerlerini özlerinde jemleýän Türkmenistanda döredilen bu abraýly guramalaryň ahalteke atlarynyň we türkmen alabaý itleriniň dünýä derejesindäki şöhratynyň has hem artdyrylmagy babatynda ägirt uly işleri durmuşa geçirýändikleri aýratyn bellenilip geçildi.

Türkmen halky üçin ahalteke bedewleriniň we alabaý itleriniň milli özboluşlylygyny hem-de pederlerimiziň miras goýan maddy gymmatlyklaryny goramak saklamak jähtden ýokary ähmiýete eýe bolup durýandygy nygtaldy, çünki bu özboluşly tohumlary türkmen topragynda müňýyllyklaryň dowamynda milli tohumçylygyň seçgileriniň netijesinde kemala getirmek başardypdyr.