icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

06 noýabr 2020

2543

Türkmenistan GDA-nyň çäklerinde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berýär

6-njy noýabrda wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow çykyş etdi.

Wise-premýer öz çykyşynda «Medeni-ynsanperwerlik ulgamy GDA döwletleriniň we halklarynyň berk we ygtybarly binýady bolmagynda galýar», - diýip belläp geçdi.

Bu ugurda türkmen tarapynyň ylym, medeniýet we sport ugry boýunça ysnyşykly hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge gyzyklanma bildirýändigi beýan edildi.

Türkmenistan bitarap ýurt bolmak bilen, medeniýetleriň arasyndaky gatnaşyklaryň ilerledilmegi ugrunda çykyş edýändir. Geçen ýylda GDA-da başlyklyk eden döwründe Türkmenistan derwaýys çäreleriň, şol sanda Döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň Forumynyň geçirilen merkezine öwrüldi.

Sportuň ähmiýeti hem-de onuň halklaryň arasynda parahatçylygyň we özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagyndaky orny barada gürrüň etmek bilen, R.Meredow 2019-njy ýylda kabul edilen GDA ýurtlarynyň Oýunlary baradaky çözgüdiň aýratyn ähmiýetini nygtady we türkmen tarapynyň sport ýaryşlarynyň guramaçylygynda amaly kömekleri bermäge taýýarlygyny beýan etdi.

Şunuň bilen baglylykda, şu günki mejlisiň jemleri boýunça kabul edilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň ynsanperwer hyzmatdaşlygy babatda 2021-2022-nji ýyllar üçin ileri tutulýan çäreleriň Meýilnamasy hakynda Çözgüdiň derwaýyslygyny bellemek aýratyn zerurdyr.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi